Putin Howpsuzlyk Geňeşi bilen nobatdan daşary maslahat geçirer

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň şu gün Howpsuzlyk Geňeşi bilen nobatdan daşary maslahat geçirjekdigi habar berildi

1782365
Putin Howpsuzlyk Geňeşi bilen nobatdan daşary maslahat geçirer

Russiýanyň hökümediniň Metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Ukrainanyň Donetsk we Lugansk sebitlerinde Russiýanyň tarapdary bolan separatist toparlaryň gözegçiligindäki sebitlerde artan dartgynlygyň üstünde durup geçdi. 

Ukrainanyň gündogaryndaky ýagdaýa alada bildirýändiklerini aýdan Peskow: "Ýagdaý örän dartgynly we häzirki wagtda dartgynlygyň peselendigi bilen bagly hiç hili alamat görmeýäris. Öjükdirmeler, hüjümler has hem artýar we bu elbetde örän alada döredýär" diýip belledi. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň şu gün Howpsuzlyk Geňeşi bilen nobatdan daşary maslahat geçirjekdigini aýdan Peskow: "Adaty maslahat däl, uly bir maslahat geçiriler. Putiniň hem bu maslahatda çykyş etmegine garaşylýar" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #Russiýa , #Wladimir Putin

Degişli Habarlar