Eýran Ýadro Gepleşiklerinde Iň Çylşyrymly Meseleleriň Galandygyny Beýan Etdi

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzada Awstriýanyň paýragty Wenada dowam edýän ýadro gepleşiklerinde uly öňegidişligiň edilendigini, emma iň agyr meseleleriň galandygyny aýtdy.

1782332
Eýran Ýadro Gepleşiklerinde Iň Çylşyrymly Meseleleriň Galandygyny Beýan Etdi

Eýranyň resmi habarlar gullugy “İRNA-nyň” beýan etmegine görä Hatibzada Tähranda Daşary işler ministrliginde geçiren hepdelik metbugat ýygnagynda Wenada dowam edýän ýadro gepleşikleri hakynda beýannama berdi.

Hatibzada; “Gepleşiklerde uly öňegidişlik edildi. Seljerilmeli ugurlar azaldy. Emma mundan soň galan iň agyr, iň çynlakaý we iň möhüm meseleler” diýdi.

ÝB-niň we ABŞ-nyň kabul etjek kararlaryna garaşýandyklaryny, bu meselede entek haýsydyr bir başlangyç edilmändigini aýdan Hatibzada; “Eger biziň çäklerimiziň geçilen we Eýranyň halkynyň hak-hukuklarynyň äsgerilmeýän sepgidine ýetilse, ylalaşyk bolmaz. Biz hiç haçan Eýranyň halkynyň bähbitleri meselesinde egilşik etmeris” diýdi.

ABŞ-nyň Eýran bilen käbir meselelerde gönüden gepleşik geçirmek isleýändigini aýdan Hatibzada; “Resmi Waşington bu talabyny ozalky Prezident Trampyň döwründe-de gün tertibine getiripdi. Emma şol talap Trampyň beýleki işleri ýaly şou üçindi. Käwbir meseleleri aýlaýly häsýetde ABŞ bilen seljerýäris” diýdi.



Degişli Habarlar