Türgenleşigi Tamamlan Tanklar we Harby Güýçler Bazalaryna Dolanýar

Ukraina serhediniň golaýynda geçirlen türgenleşikden soň käbir tanklaryň we harby güýçleriň bazalaryna dolanandyklary nygtaldy

1780999
Türgenleşigi Tamamlan Tanklar we Harby Güýçler Bazalaryna Dolanýar

Russiýanyň Goranmak ministrligi, Ukraina serhediniň golaýynda geçirlen türgenleşikden soň käbir tanklaryň we harby güýçleriň bazalaryna dolanandyklaryny mälim etdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Günbatar harby zolagyna degişli käbir tanklaryň we harby güýçleriň türgenleşikden soň Nižniý Nowgorosdaky bazalaryna dolanandyklary nygtaldy.

Rus flodyndan berlen başga bir beýannamada bolsa, Krymdaky harby hereketlilik hakynda maglumat berildi.

Beýannamada “Türgenleşigiň çäginde Krymdaky 10 sany Su-24 uçary, Russiýanyň başga ýerlerindäki harby bazalara ornaşdyryldy” diýildi.

 



Degişli Habarlar