Donbassda Bir Ukrain Esgeri Aradan Çykdy
Ukrainanyň ýaragly güýçleri Donbassda rus tarapdary ekstremistleriň od açmagy sebäpli bir ukrain esgerinin aradan çykandygyny habar berdi.
1781385
Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň beýanatynda Russiýanyň tarapynda durýan esktremistleriň 19 gezek od açyp, ylalaşygyň kadalaryny bozandygy mälim edildi.
Beýannamada Donbassyň Nowotroýske, Granitne, Wodýane, Şyrokine we Blotone etraplarynda ekstremistler tarapyndan od açylmagy sebäpli Ukrainanyň goşunyndan bir esgeriň ýogalandygy habar berildi.
Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň beýleki bir beýannamasynda bolsa, ekstremistleriň düýn dürli etraplarda 66 gezek düzgünbozmalaryň bolandygy mälim edildi.
Degişli Habarlar
Russiýa Britaniýanyň Harby Attaşesini Ýurtdan Çykarar
Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrligi ýazmaça beýannama berdi.