Russiýa: "Harby türgenleşiklerini tamamlan harby birikmeler öz garnizonlaryna gaýdyp bararlar"

Russiýa Belarussiýa döwletindäkiler bilen birlikde harby türgenleşiklerini tamamlan ähli harby birikmeleriň degişli bolan garnizonlaryna gaýdyp barjakdygyny mälim etdi

1780574
Russiýa: "Harby türgenleşiklerini tamamlan harby birikmeler öz garnizonlaryna gaýdyp bararlar"

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Metbugat sekretary Igor Konaşenkow, harby türgenleşiklerini tamamlan harby birikmeleriň ilkinjileriniň degişli bolan ýerlerine gaýdyp barmaga başlandygyny beýan etdi. 

Belarussiýa bilen Russiýanyň arasynda dowam edýän harby türgenleşikleriň çäginde 17-nji we 19-njy fewral günlerinde hakyky ok-därileriň ulanylyp türgenleşikleriň geçiriljekdigini aýdan Konaşenkow: "Türgenleşikler tamamlananyndan soň ähli rus harby birikmeler hemişe bolşy ýaly degişli bolan garnizonlaryna gaýdyp bararlar" diýip belledi. 

Russiýanyň Goranmak ministrligi ýurdyň Ukraina serhedindäki käbir ýerlerdäki harby birikmeleriň degişli bolan ýerlerine gaýdyp barmaga başlandygy bilen bagly beýanatyna garamazdan, Günbatarly resmiler berilen beýanatyň ynandyryjy däldigini belleýärler. 


Etiketkalar: #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar