Russiýanyň Türkiýedäki Ilçisi Ýurdunyň Ukraina Çozuş Etmejekdigini Atrdy

Russiýanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Alekseý Ýerkow TRT-ä beýannama berdi.

1779722
Russiýanyň Türkiýedäki Ilçisi Ýurdunyň Ukraina Çozuş Etmejekdigini Atrdy

Günbatar ýurtlaryndan Russiýanyň Ukrainany basyp aljak güni hakynda beýannamalar berilendigini, emma onuň hiç haýsysynyň bolmajakdygyny aýdan Ýerkow; “Şol günlerden biri düýndi, biri şu gündi, üçünjisi bolsa ertir. Näme boldy, çozuş edildimi?” diýdi.

Ýerkow, şertlerin meçew bermelere açykdygyny we dartgynlygyň bilkastlaýyn artdyrylyp, Russiýa sanksiýa goýulmak isleýandigini aýtdy.

Ýerkow; “Düýn çozmadyk, şu gün çozmadyk we ertirem çozmarys. Sebäbi biz hiç kime çozuş etmeris” diýdi.

Ýerkow Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowuň NATO agza ýurtlara hat ýazandygyny, şol haty Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglyna özüniň gowşurandygyny aýtdy.

Russiýanyň İlçisi; “Eger Türkiýe Ukraina bilen bolan “özboluşlyk” gatnaşyklaryndan peýdalansa, Ukrainany Minsk ylalaşygynyň borçlaryny ýerine ýetirmage razy edip biler. Biz oňa minnetdar bolarys” diýdi.

Ýerkow Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Türkiýä saparynyň wagty boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini, saparda ýokary derejede ara alynyp maslahatlaşylmaga garaşýan köp ugruň bardygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar