Kreml Baýdeniň gepleşikler geçirmek baradaky beýanatyna oňyn garaýar

Peskow metbugat işgärlerine beýanat berdi

1779913
Kreml Baýdeniň gepleşikler geçirmek baradaky beýanatyna oňyn garaýar

Russiýanyň hökümediniň Metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Moskwa bilen howpsuzlyk babatynda gepleşiklere taýardygy baradaky beýanatyna oňyn garaýandyklaryny habar berdi. 

Peskow metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Russiýa üçin ileri tutulýan ugurlar bilen baglanşykly gönüden gepleşikler geçirmegiň möhümdigini beýan etdi. 

Peskow: "ABŞ bilen gepleşikler tapgyrynyň başlamagyny umyt edýäris" diýip belledi. 

Peskow: "Bu ýagdaýda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bular ýaly görnüşli gepleşiklere başlamagy isleglidigimizi we taýardygymyzy nygtaýar. ABŞ-nyň Prezidenti Baýdeniň bu görnüşli tankydy gepleşiklere başlamaga taýardygyny aýtmagyna oňyn garaýarys" diýip habar berdi. 

Dmitriý Peskow gepleşiklerde Russiýa bilen Günbataryň arasynda howpsuzlyk meselelerinde kesişýän nokatlaryň boljakdygyny, emma tapgyryň kyn boljakdygyny, çeýeligiň we syýasy ygtyýaryň gerek boljakdygyny beýan etdi. 

Ukrainadaky Russiýanyň tarapdary bolan separatistleriň dolanşyklarynyň ykrar edilmegi bilen baglanşykly Russiýanyň Parlamendiniň aşakgy ganady bolan Döwlet Dumasyndan Putine ugradylan çagyryşy Putiniň alandygyny Peskow, şol dolanşyklaryň ykrar edilmeginiň Minsk ylalaşyklara ters geljekdigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar