Germaniýanyň Federal Kansleriniň Russiýanyň Kowid-19 test talabyny ret edendigi ýüze çykdy

Kremliň ptotokolynyň Makrona garşy bular ýaly çemeleşmesi Fransiýa başda bolmak bilen bütin dünýäde giň seslenme döredipdi

1779627
Germaniýanyň Federal Kansleriniň Russiýanyň Kowid-19 test talabyny ret edendigi ýüze çykdy

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolsyň Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen Ukraina krizis bilen baglanşykly geçiren duşuşygyndan ozal Russiýanyň islän koronawirus testini etdirmegi ret edendigi öňe sürüldi. 

Germaniýanyň mediasynda berilen habarda, Olaf Şolsyň Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherine gonanyndan soň rus lukmanlar tarapyndan edilmek islenen Kowid-19 testini kabul etmändigi, onuň ýerine Germaniýanyň Moskwa şäherindäki ilçihanasynda işleýän lukmanyň uçara çagyrylyp test edendigi habar berildi. 

Olaf Şolsyň rus lukmanlar tarapyndan edilmek islenen Kowid-19 testini kabul etmändigi üçin Putin bilen 6 metr uzynlygyndaky stolda gepleşik geçirendigi aýan edildi. 

Şols bilen uçarda bolan 50 adamlyk wekiliýetiň Germaniýadan gaýtmadan ozal 3 gezek otrisatel netijeli testi bermäge mejbur galandyklary beýan edildi. 

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron hem 7-nji fewralda Russiýanyň Döwlet baştutany Putin bilen Ukraina krizis bilen bagly geçiren duşuşgyndan ozal Kowid-19 testini etdirmegi ret edipdi, şol sebäpli Putin tarapyndan uzyn stolyň beýleki tarapynda garşylanypdy. 

Kremliň ptotokolynyň Makrona garşy bular ýaly çemeleşmesi Fransiýa başda bolmak bilen bütin dünýäde giň seslenme döredipdi. 



Degişli Habarlar