Sisi Makron Bilen Liwiýa Meselesi Boýunça Pikir Alyşdy

Müsüriň döwlet Ýolbaşçysy Abdulfattah as-Sisi fransuz kärdeşi Emmanuel Makron bilen Liwiýadaky soňky ýagdaýlar hakynda pikir alyşdy.

1777478
Sisi Makron Bilen Liwiýa Meselesi Boýunça Pikir Alyşdy

Müsüriň Prezidentiniň Diwanyndan berilen ýazmaça beýannamada Sisiniň Brest şäherinde guralan “Bir Umman” samitine gatnaşmak üçin Fransiýa baryp, Makron bilen duşuşandygy habar berildi.

Özara duşuşykda soňky ýyllarda ykdysady, söwda we harby ugurlarda ösüş eden Müsür bilen Fransiýanyň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň seljerilendigi, Liwiýanyň başda durmagynda sebitleýin meseleleriň hem ara alynyp maslahatlaşylandygy mälim edildi.

Beýannamada Sisi bilen Makronuň; “Liwiýada terrorizmi ortadan aýyrmagyň ýany bilen ähli daşary ýurtly hakynatutma esgerleriň ýurtdan çykarylmagy arkaly ynamyň hem-de durnuklylygyň ýaňadandan dikeldilmegi üçin bilelikdäli tagallalaryň depgininiň güýçlendirilmegi boýunça ylalaşylandygyna” üns çekildi.

Beýannamada Makronuň “Müsüriň Liwiýada milli guramalary goramak we syýasy çözgüt üçin goşýan goşandygyna kanagatlanma bildirendigi” nygtalýar.



Degişli Habarlar