Afrika Bileleşigi Hytaýda Hemişelik Wekilhana Açar

Afrika Bileleşigi Hytaý bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen paýtagt Pekinde “Hemişelik Wekilhana” açmak hakynda karar kabul etdi

1776384
Afrika Bileleşigi Hytaýda Hemişelik Wekilhana Açar

Ýerli metbugatyň habar bermegine görä Efiopiýanyn paýtagty Addis Ababada geçirilen Afrika Bileleşiginiň sammitinde Hytaý bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin işe girişildi.

Bileleşigiň daşary işler ministrlerinden ybarat bolan Ministrler geňeşi tarapyndan sammitiň garamagyna hödürlenen teklibe laýyklykda bir ýylyň dowamynda Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde hemişelik ofisiň açylmagy hakynda karar kabul edildi.

Hyýtaýda açyljak ofisiň Bileleşigiň çägindäki özgertmelere laýyklykda açyljak ofislerden biri boljakdygy habar berildi.

Pekinde açyljak hemişelik wekilhanada biri hemişelik wekil, dürli ugurlarda bilermen azyndan 10 adam işlär.

Wekilhananyň haçan açyljakdygy hakynda maglumat berilmedi.

Afrika bilen syýasy we söwda gatnaşyklary ösdürmek üçin materikde ýerleşýän ýurtlar bilen ýokary derejeli maslahatlar geçirýän Hytaý, Afrikanyň esasy ykdysady hyzmatdaşlaryndan biri hökmünde kabul edilýär.



Degişli Habarlar