Belarussiýanyň Prezidenti Siriýa esger ugradyljakdygy baradaky habarlaryň nädogrydygyny nygtady

Aleksandr Lukaşenko Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahatynda söz sözledi

1775612
Belarussiýanyň Prezidenti Siriýa esger ugradyljakdygy baradaky habarlaryň nädogrydygyny nygtady

Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Russiýanyň harby güýçleriniň ýanynda hyzmat bermek maksady bilen Siriýa 200 belarus esgeriň ugradyljakdygy baradaky habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini mälim etdi. 

Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahatynda eden çykyşynda, Russiýanyň hökümediniň belarussiýaly esgerleri Siriýa ugratmak barada karar kabul edendigi baradaky habarlaryň nädogrydygyny beýan etdi. 

Şol habarlara geň galandygyny aýdan Lukaşenko: "Häzirki kanunlara görä daşary ýurda esger ugratmak Prezidentiň karary bolmadan mümkin däldir. Men ol ýere hiç kimi ugratmadym" diýip habar berdi. 

Ençeme birnäçe ýyl ozal Siriýada resmi Damaskyň özünden lukman ugratmak barada haýyş edendigini aýdan Lukaşenko, ýurdunyň epidemiýa sebäpli onuň häzirki wagtda mümkin bolmajakdygyny aýdandygyny aýan etdi. 

Belarussiýanyň Siriýa esger ugratjakdygy bilen bagly ýüze çykan habarlaryň üstünde durup geçen Aleksandr Lukaşenko: "Biziň ol ýerde etjek işimiz ýok. Lukman gerek bolsa kömek ederis" diýip belledi. 

7-nji fewralda Russiýanyň hökümedi çap eden resminamasynda, Belarussiýanyň Russiýanyň harby güýçleriniň ýanynda hyzmat bermek maksady bilen Siriýa 200 belarus esgeri ugratmagy meýilleşdirýändigi nygtalypdy. 



Degişli Habarlar