Maliniň Premýer ministri Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

Maliniň Premýer ministri Çogel Kokalla Maýge, Türkiýe bilen howpsuzlyk ugry boýunça hyzmatdaşlyklaryny güýçlendirmek isleýändiklerini we Türkiýä iş saparyny guramagy meýilleşdirýändiklerini habar berdi

1774017
Maliniň Premýer ministri Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

Maliniň Premýer ministri Çogel Kokalla Maýge ýurdundaky daşary ýurtly güýçleriň pozisiýalarynyň we Türkiýe bilen edýän gatnaşyklarynyň üstünde durup geçdi. 

Türkiýäniň beýik we musulman ýurt bolmagynyň özleri üçin möhümdigini aýdan Maýge, dünýewi bir döwlet bolan ýurdyň ilatynyň 95 göteriminiň musulmanlardan ybaratdygyny beýan etdi. 

Maýge: "Hökümedimizi Türkiýe bilen ýola goýulan gatnaşyklara esasan hem howpsuzlyk bilen birlikde ähli ugurlarda täze we güýçli bir itergi bermek isleýär. Türk halkyna, Maliniň halkynyň Türkiýäniň hökümedi tarapyndan uzadylan kömek eline jogap berendigini aýdyň" diýip habar berdi. 

Soňky wagtlarda başdan geçirilen geosyýasy wakalara ýakyndan gözegçilik edýändiklerini aýdan Maýge, Türkiýäniň soňky ýyllarda hak eden ýerine gelmek üçin başladan ykdysady we diplomatik göçümlerini görýändiklerini mälim etdi. 

Maliniň Premýer ministri Çogel Kokalla Maýge Türkiýä minnetdarlyk bildirip: "Türk dostlarymyzada gyzyklanma bildirýändikleri üçin sag bolsun aýdýarys. Musulman, doganlyk we hyzmatdaş ýurt bolan Türkiýä ynanýandygymyzy aýdýarys. Hyzmatdaşlygymyz girdeji al girdeji al ýörelgesine esaslanmaly. Şu günki gün ençeme türk kärhanasynyň Malide ýeriniň bardygyny pikir edýärin. Türkiýäniň ähli beýgelýän güýçler ýaly Malide ýurdumyzyň beýleki dostlary bilen hak eden ýerini almagy üçin hyzmatdaşlyklary gözden geçirmek maksady bilen ministrler bilen Türkiýä iş saparyny guramagy maksat edinýäris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar