Jonson Putine Ukraina Meselesinde Duýduryş Berdi

Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putine Ukraina meselesinde duýduryş berdi.

1772664
Jonson Putine Ukraina Meselesinde Duýduryş Berdi

Biritaniýanyň hökümetiniň beýannamsyna görä Boris Jonson Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Jonson telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň Ukraina serhedindäki “duşmançylykly aksiýalaryna” çuňňur alada bildirildi.

NATO-nyň açyk gapylar syýasatyna laýyklykda bütin Ýewropa ýurtlarynyň NATO agza bolmaga hukugynyň bardygyny beýan eden Jonson; “Şol hukuk sözüň doly manysynda Ukraina üçin hem degişlidir” diýdi.

Jonson NATO-nyň goranyş ýaranlygyndan ybaratdygyny ýene-de bir gezek beýan etdi.

Kremlden berilen beýannamada bolsa; Ukrainadaky çykgynsyzlyk we Russiýa Federasiýasynyň howpsuzlygyna uzak möhletde hem-de hukuk kadalaryna laýyklykda berilen kepillikleriň berilmegi taýdan giňişleýin pikir alyşyldy” diýilýär.



Degişli Habarlar