Ukraina Harby Gullukçylarynyň Sanyny Artdyrar

Ukrainanyň döwlet Ýolbalşçysy Wladimir Zelenskiý ýurdunyň ýaragly güýçleriniň üç ýylyň dowamynda 100 müň adam artdyryljakdygyny aýtdy.

1771640
Ukraina Harby Gullukçylarynyň Sanyny Artdyrar

Zelenskiý Parlamentde halk deputatlaryna ýüzlenip çykyş etdi.

Wladimir Zelenskiý ýaragly güýçleriň ululygynyň üç ýylyň dowamynda 100 müň adam artdyryljakdygyny beýan etdi.

Ukrainanyň ykdysadyýetiniň durnuklydygyny aýdan Zelenskiý, halk deputatlaryny jebislige we rus harby hüjümi howpy sebäpli howsala düşmezlige çagyrdy.



Degişli Habarlar