Mario Dragi Wladimir Putin bilen Ukraina krizisini ara alyp maslahatlaşdy

Italiýanyň Premýer ministri Mario Dragi Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1771748
Mario Dragi Wladimir Putin bilen Ukraina krizisini ara alyp maslahatlaşdy

Italiýanyň Premýer ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Dragi we Putiniň arasynda geçen telefon söhbetdeşliginde Ukraina krizisiniň çägindäki soňky hadysalary we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşandyklary habar berildi. 

Beýanatda Draginiň krizisiň dartgynlaşmagy bilen orta çykjak garaşylmadyk netijelere garşy, dartgynlygy peseltmek üçin ediljek işleriň ähmiýetini belläp geçendigi aýan edildi. 

Mundan başgada iki lideriň ady agzalan krizise dowamly we hemişelik çözgüt tapylmagy üçin geçiriljek işler bilen birlikde ynam gurşawynyň ýola goýulmagynyň gerekdigi barada ylalaşyga gelendikleri habar berildi. 

 



Degişli Habarlar