Braziliýada ýeriň süýşmegi netijesinde 19 adam ýogaldy

Braziliýanyň San-Paulu ştatynda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen ýer süýşgüninde 19 adam ýogaldy

1771034
Braziliýada ýeriň süýşmegi netijesinde 19 adam ýogaldy

San-Paulu ştatynda ýer süýşgüni netijesinde azyndan 9 adam ýaralandy, takmynan 500 adam bolsa howpsuz ýerlere göçürildi. 

San-Paulu ştatynyň gubernatory Žoao Doria dikuçar bilen wakanyň bolan ýerinde gözegçilik işlerini geçirip, aşa ýagan ýagyşlaryň täsir ýetiren 10 şähere takmynan 2,8 million dollar kömegiň beriljekdigini habar berdi. 

San-Paulu ştatynyň Meteorologiýa gullugy, güýçli ýagyşlaryň ertire çenli täsirli boljakdygyny belläp, sebitiň ýaşaýjylaryna ünsli bolmaklary barada çagyryş berdi. 



Degişli Habarlar