Ýadro Ylalaşygynyň Gazanylmagy Üçin ABŞ Bilen Günbatarly Ýurtlar Hem Tagalla Etmeli

Eýranyň Daşary işler ministri Abdullahiýan, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

1769909
Ýadro Ylalaşygynyň Gazanylmagy Üçin ABŞ Bilen Günbatarly Ýurtlar Hem Tagalla Etmeli

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan, ýadro ylalaşygynyň gazanylmagy üçin ABŞ-nyň we Günbatarly ýurtlaryň hem tagalla etmelidigini aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannama görä, Abdullahiýan, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Abdullahiýan bilen Guterreş telefon söhbetdeşliginde, Wenada geçirlen ýadro gepleşikleri, Owganystanda we Ýemende başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Abdullahiýan, Wenada geçirilýän gepleşik etabynyň oňyn dowam edýändigini we Eýranyň gysga wagtda ylalaşyk gazanylmagy üçin içgin çemeleşýändigini belledi.

Eýranly ministr, ýadro ylalaşygynyň gazanylmagy üçin ABŞ-nyň we Günbatarly ýurtlaryň anyk tagalla etmelidigini ýatlatdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan, mundan başgada, Ýemendäki söweşiň syýasy ýollardan çözülmegine goldaw berýändiklerini we bu meselede BMG-nyň Baş sekretarynyň uly rol oýnamagyny isledi.

BMG-nyň Baş sekretary Guterreş hem Ýemendäki kynçylyklaryň çözülmegi üçin syýasy gepleşiklere goldaw berýändiklerini nygtady.

 

 



Degişli Habarlar