Ispaniýada garrylar öýünde ýangyn boldy

Ispaniýanyň gündogaryndaky Walensiýa şäheriniň Monkada etrabyndaky garrylar öýüniň birinde bolan ýangynda 5 adam ýogaldy, 3-siniň saglyk ýagdaýy agyr jemi 11 adam bolsa ýaralandy

1765003
Ispaniýada garrylar öýünde ýangyn boldy

Walensiýa awtonom dolanşygyň resmiler tarapyndan berilen beýannamada, elektrik togunda bolan näsazlyk sebäpli ýüze çykandygy çak edilýän ýangyn sebäpli takmynan 60 adamyň ýaşaýan garrylar öýünüň boşadylandygy habar berildi. 

Gysga wagtda bütin binany gurşap alan ýangyn sebäpli garrylar öýünde galýan 5 adamyň ýogalandygy, 11 adamyň bolsa bejergi maksatly hassahana ýatyrylandygy mälim edildi. 

Hassahanada bejergi astyna alynan adamlaryň 3-siniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy aýan edildi. 

Ýerli wagt bilen sagat 23:20-de başlan we 01:20-de gözegçilik astyna alynan ýangyn bilen bagly derňew işi başladyldy. 



Degişli Habarlar