Hindistanda 15-18 Ýaş Topary Üçin Sanjymlama Tapgyry Başlady

Omikron sebäpli ýurtda sanjymlama tapgyrynyň depgini güýçlendi.

1756245
Hindistanda 15-18 Ýaş Topary Üçin Sanjymlama Tapgyry Başlady

Hindistanda täze görnüş koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň artýandygy sebäpli 15-18 ýaş toparyndaky ýaşlara sanjym edilmäge başlanandygy habar berildi.

Hindistanda koronawirusyň Omikron görnüşine garşy berk çäreler görülýär. Omikron sebäpli ýurtda sanjymlama tapgyrynyň depgini güýçlendi.

Saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçylary, koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň artýandygy sebäpli, hassahanalarda, mekdeplerde we ýörite sanjymlama merkezlerinde 15-18 ýaş toparyndaky ýaşlara sanjym edilmäge başlanandygyny habar berdi.

Ýolbaşçylar wirusa ýoluganlaryň sanynyň artýandygyna garamazdan hassahanada bejeri astyna alynanlaryň sanynyň artmandygyny nygtady.

Hindistanda epidemiýanyň başyndaky bäri Kovid-19 sebäpli 482 müň adam ýogaldy, 35 million adam hem hasaba alyndy.



Degişli Habarlar