ABŞ-da düzediş merkezinde saklanýan ýaş oglanyň öldürilendigi ýüze çykdy

ABŞ-nyň Kanzas ştatyndaky düzediş merkezleriniň birinde saklanýan asly afrikaly ýaş oglanyň, edilen sütemleriň netijesinde ýogalandygy habar berildi

1753727
ABŞ-da düzediş merkezinde saklanýan ýaş oglanyň öldürilendigi ýüze çykdy

Kanzas ştatynyň Sedgwik raýonyndaky düzediş merkezinde saklanan 17 ýaşyndaky Sedrik Lofton, düzediş merkeziniň işgärleri bilen bolan dawa-jenjelden soň alynyp gidilen hassahanada ýogaldy. 

Kazyýet-lukmançylyk edarasynyň resmileri tarapyndan taýarlanan habarnamada, ýaş oglanyň ölüminiň jenaýatdygy habar berildi. 

Düzediş merkeziniň resmileri, Sedrik Loftonyň jan-saglygyna zyýan ýetjek ýaralanmalara sezewar bolmandygyny öňe sürüpdiler. 

Habarnamada Sedrik Loftonyň garnynyň üstüne ýatyrylyp, elleri baglananyndan soň dem alyşynyň kesilendigi we ýürek uruşynyň durandygy mälim edildi. 

Lofton, 24-nji sentýabrda düzediş merkezinde işgärler bilen bolan dawa-jenjelden soň elleri baglanyp birnäçe wagtlap göz tussaglygynda saklanypdy. 

Başdan geçirilen dawa-jenjelden soň hassahana ýatyrylan ýaş oglan, 2 gün soň aradan çykypdy. 

Loftony ýenjen we şahsyýetleri aýan edilmedik işgärler, tölegli administratiw rugsada çykarylypdylar. 



Degişli Habarlar