Hytaýa degişli iki gämi Ýaponiýanyň suw giňişligine girdi

Hytaýa degişli 2 howpsuzlyk gämisi Gündogar Hytaý deňizindäki jedelleşikli Senkaku adalarynyň golaýynda Ýaponiýanyň suw giňişligine girendigi habar berildi

1749924
Hytaýa degişli iki gämi Ýaponiýanyň suw giňişligine girdi

Ýaponiýanyň Okinawa welaýatynyň Naha etrabyndaky 11-nji Sebitleýin Kenarýaka howpsuzlyk ştabynyň beren habaryna görä, Hytaýa degişli gämiler, Ýaponiýanyň milli suw giňişligine girdi. 

Gämileriň ýerli wagt bilen sagat 04:00-da Taişoo adasynyň töwereginde Ýaponiýanyň suw giňişligine degişli, jedelleşikli sebitde balykçylara degişli gämilere, ýerli wagt bilen sagat 09:00-da bolsa adalaryň 2 km demirgazygyna çenli golaýlaşandygy mälim edildi. 

Ýaponiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy sebiti terk etmekleri baradaky duýduryşlarynyň netijesinde Hytaýa degişli gämileriň sebitden uzaklaşandygy aýan edildi. 

NHK tarapyndan berilýän maglumata görä Hytaýa degişli gämiler şu ýyl 34 gezek Ýaponiýanyň suw giňişligine girdi. 



Degişli Habarlar