ABŞ-da Russiýa Içalylyk Edýänlikde Şübhelenilýän Inžener Tussag Edildi

ABŞ-da goranyş firmasynda işleýän inženerlerden biri Federatiw derňew ofisiniň işgärine rus içalysy hökmünde gizlin maglumatlary bermäge synanşmak etmişi sebäpli tussag edildi.

1749034
ABŞ-da Russiýa Içalylyk Edýänlikde Şübhelenilýän Inžener Tussag Edildi

ABŞ-nyň Adalat ministrliginden berilen beýannamada 10 ýyldan bäri federatiw potratçy goranyş firmasynda inžener bolup işleýän Jon Murraý Rowiň rus içalysy bolandygyny pikir edip, FBI-iň işgärine gizlin maglumatlary bermage synanşandygy sebäpli tussag edilendigi habar berildi.

FBI-yň resmileri Günorta dakotaly 63 ýaşly Jon Murraý Rowyň howpsuzlyk düzgünlerini bozandygy sebäpli işinden çykarylmagyndan soň firma üçin içerden howp döräp biljekdigi ähtimallygynyň bardygy üçin gizlin operasiýanyň geçirilendigi mälim etdi.

Rus içalysy ýaly hereket eden gizlin FBI içalysy bilen Günorta Dakotaky myhmanhanada duşuşan Row, howpsuzlyk gullukçysyna Russiýa göçmek we rus hökümetine maglumat bermek bilen gyzyklanyp biljekdigini aýtdy.

Derňew işiniň çäginde 2020-nji ýylyň martynda başlan 8 aýlyk tapgyrda Rowuň rus içalysy ýaly hereket eden beýleki bir FBI gullukçysy bilen 300-den gowrak e-poçta alyşandygy anyklandy.

Kazyýetiň belliklerine görä Row e-poçtalardan birinde Amerikan harby uçarlary hakynda maglumat beren bolsa, beýleki bir e-poçtada “Bärde iş tapmasam beýleki topar üçin işlejek” diýýär.



Degişli Habarlar