Stoltenberg Bilen Zelenskiý Brýusselde Duşuşdy

Stoltenberg, Russiýanyň Ukraina serhedine esger ornaşdyrmaga dowam edýändigini aýtdy.

1748556
Stoltenberg Bilen Zelenskiý Brýusselde Duşuşdy

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Russiýanyň Ukraina serhedine esger ornaşdyrmaga dowam edýändigini aýtdy.

Stoltenberg, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

“Russiýa, Ukraina serhedine esger ornaşdyrmaga dowam edýär” diýen Stoltenberg, serhede ornaşdyrlan esgerleriň Ýewropanyň howpsyzlygyna wehim salýandygyny belledi.

Stoltenberg “Russiýa dartgynlygy azaltmagy, Ukrainanyň bitewiligine sarpa goýmagy we gepleşiklere dolanmagy üçin çagyryş berýäris. Russiýa Ukraina hüjüm eden halatynda jerimesi agyr bolar” diýdi.


Etiketkalar: #esger , #NATO , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar