Hytaý, Owganystana Kovid-19 Sanjym Kömegini Berdi

Sinopharm firmasy tarapyndan öndürlen samjymlar paýtagt Kabula ugradyldy.

1745893
Hytaý, Owganystana Kovid-19 Sanjym Kömegini Berdi

Sinhua habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Hytaý Owganystana 800 müň doza koronawirus sanjym kömegini berdi.

Hytaýly Sinopharm firmasy tarapyndan öndürlen samjymlar paýtagt Kabula ugradyldy.

Hytaýyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wang Ýu, sanjymlary, Talibanyň guran wagtlaýyn hökümetiniň Saglygy goraýyş ministri Abdulberi Ömere tabşyrdy.

Ilçi Wang, ABŞ-nyň çekilmeginden soň Owganystanda başlan täze döwürde Hytaýyň 3 million doza sanjym bilen birlikde beýleki lukmançylyk enjamlary kömegini berjekdigini aýtdy.

Wang, 31 million dollarlyk ynsanperwer kömeginiň gysga wagtda Owganystana getirilmegi üçin tagalla etjekdigini belledi.

Resmi Pekin iýun aýynda hem Owganystana Kovid-19 sanjym kömegini beripdi.

Hytaý, ABŞ-nyň çekilmeginden soň Owganystana jemi 2 müň 600 tonna ynsanperwer kömegini berdi.


Etiketkalar: #sanjym , #Owganystan , #Hytaý

Degişli Habarlar