Saud Arabystany Bilen Fransiýa, Eýran Meselesine Alada Bildirýär

Emmanuel Makron, Pars aýlag ýurtlaryna guraýan saparynyň soňky duralgasy bolan Saud Arabystanyna bardy.

1743033
Saud Arabystany Bilen Fransiýa, Eýran Meselesine Alada Bildirýär

Saud Arabystany bilen Fransiýa, Eýranyň ýadro maksatnamasyny dowam etdirmegine alada bildirýär.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Pars aýlag ýurtlaryna guraýan saparynyň soňky duralgasy bolan Saud Arabystanyna bardy.

Makron saparynyň çäginde Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Salman bilen duşuşdy.

Saud Arabystanynyň resmi habarlar gullusy SPA-da berlen habara görä, Makron duşuşyk hakynda ýazmaça beýannama berdi.

Beýannama görä, Saud Arabystany bilen Fransiýa Eýranyň ýadro maksatnamasyny dowam etdirmegine alada bildirýär.

Saud Arabystany bilen Fransiýa şeýle hem balistiki raketalaryň we uçarmansyz howa ulaglarynyň ulanylmagy bilen birlikde Eýranyň sebitiň durnuksyzlygyna sebäp bolup biljek hereketlerine garşy durýar.



Degişli Habarlar