Ukraina, Daşary Ýurtlaryň Ýurdunda Geçiriljek Türgenleşiklere Gatnaşmagy Üçin Taýarlyk Görýär

Ukraina, daşary ýurtly harby toparlaryň, halkara türgenleşiklere gatnaşmagy üçin ýurda girmegine rugsat berilmegi için işe girişdi

1740505
Ukraina, Daşary Ýurtlaryň Ýurdunda Geçiriljek Türgenleşiklere Gatnaşmagy Üçin Taýarlyk Görýär

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, daşary ýurtly harby toparlaryň, halkara türgenleşiklere gatnaşmagy üçin 2022-nji ýylda ýurda girmegine rugsat berilmegi hakyndaky kanun taslamasyny Parlamente hödürledi.

Sputnigiň habaryna görä, “Ukrainanyň Prezidentiniň, 2022-nji ýylda daşary ýurtlaryň harby goşunlaryň köp milletli türgenleşiklere gatnaşmagy üçin ýurda girmegine rugsat berilmegi baradaky kanun taslamasy” ady bilen Parlamente hödürlendi.

Ukrainanyň kanunlaryna görä, daşary ýurtlaryň harby goşunlaryň kanunlarda göz öňünde tutulmaýan ähli harby operasiýalara gatnaşmagy gadagan. Daşary ýurtly esgerleriň diňe Prezidentiň Parlamente hödürlän ýörite taslamasynyň kabul edilmeginden soň ýurda girmegine rugsat berilýär.

Ukraina, 2021-nji ýylda geçirlen halkara harby türgenleşiklere daşary ýurtly esgerleriň gatnaşmagy üçin 2020-njy ýylda ýörite kanun taslamasyny kabul edipdi.



Degişli Habarlar