Eýran: "ABŞ bilen başdan geçirilen çaknyşyklarda Ynkylap goragçylaryndan 9 esger ýogaldy"

Eýran Pars aýlagynda ABŞ bilen bolan gönüden çaknyşyklarda Ynkylap goragçylaryndan 9 esgeriň ýogalandygyny aýan etdi

1737165
Eýran: "ABŞ bilen başdan geçirilen çaknyşyklarda Ynkylap goragçylaryndan 9 esger ýogaldy"

Ynkylap güýçleri goşunyna ýakynlygy bilen bilinýän Mehr habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Ynkylap güýçleriniň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdesi Ali Ryza Tengseri, hiç hili senenama bermeden Pars aýlagynda ABŞ bilen gönüden çaknyşyklaryň bolandygyny habar berdi. 

Tengseri: "ABŞ bilen  Ynkylap güýçleriniň Harby-deňiz güýçleriniň arasynda birnäçe gezek gönüden çaknyşyklar boldy. 9 esgerimiziň şehit bolan çaknyşyklaryň käbirlerini metbugata beýan etmedik. Emma biz hem olara 9 aýry gezek zarba urdyk" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar