Eýranyň Ýadro Ýaragy Üçin Enjam Öndürmäge Başlandygy Öňe Sürüldi

Bu barada “Woll Strit Jornal” gazeti habar berdi.

1735001
Eýranyň Ýadro Ýaragy Üçin Enjam Öndürmäge Başlandygy Öňe Sürüldi

Eýranyň BMG-niň Halkara atom energiýasy gullugynyň ençeme aýdan bäri derňemedik ýa-da bilmeýän ýerinde ösen atom santrifagalary üçin enjam öndürmäge ýaňadandan başlandygy öňe sürüldi.

“Woll Strit Jornal” gazetiniň günbatarly diplomatlara esaslandyrýan habarynda, Eýranyň Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde dowam edýän gepleşiklere garamazdan Tähranyň günbataryndaky Karaž şäherindäki gurnama zawodunda awgust aýynyň ahyryndan bäri çäkli mukdarda işlemäge gaýtadan başlandygy öňe sürüldi.

Habarda şol wagtdan bäri önümçiligiň depgininiň güýçlendirilendigi we has ösen santrifagalary öndürmek üçin näbelli mukdarda rotor we körük öndüräge başlandygy mälim edilýär.

Habarda Tähranyň ösen santrifagalar üçin enjam öndürmäge başlan ýerinde Halkara atom energiýasy gullugynyň gözegçiliginiň bolmandygy we gullugyň ony derňäp bilmeýändigi öňe sürüldi.



Degişli Habarlar