Raisi: "Terrora garşy göreş Tähran-Ankara hyzmatdaşlygynyň özenini emele getirip biler"

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi terrora we guramaçylykly jenaýatlara garşy göreşiň Tähran-Ankara hyzmatdaşlygynyň özenini emele getirip biljekdigini habar berdi

1734444
Raisi: "Terrora garşy göreş Tähran-Ankara hyzmatdaşlygynyň özenini emele getirip biler"

Eýranyň Prezident Diwany tarapyndan berilen beýanata görä, Raisi düýn Tährana resmi sapar guran Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglyny kabul etdi. 

Eýranyň we Türkiýäniň gatnaşyklaryny bar bolan derejesinden köp taraplaýyn hyzmatdaşlyga çenli ýokarlatmaga taýar bolmagynyň gerekdigini bellän Raisi, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň taýarlanmagy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy halkara derejä ýetirip biljekdiklerini habar berdi. 

Eýran bilen Türkiýäniň arasyndaky ýakyn gatnaşyklaryň sebitde parahatçylyga we durnuklylyga hyzmat etjekdigini aýdan Raisi: "Iki ýurdyň arasyndaky sebitleýin hyzmatdaşlyk global derejedäki hyzmatdaşlyga öwrülmelidir. Terrora we guramaçylykly jenaýatlara garşy göreş Tähran-Ankara hyzmatdaşlygynyň özenini emele getirip biler. Eýran bu ugurlardaky hyzmatdaşlyk derejesini ýokarlatmaga taýardyr" diýip mälim etdi. 

Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň artmagynyň hem halklaryň bähbidinedigini aýdan Raisi, Türkiýäniň we Eýranyň hyzmatdaşlygyny giňeldip dünýädäki deňagramlylyklary üýtgedip biljekdigini aýan etdi. 

Raisi: "Eýran, Türkiýe we Azerbaýjan bilen goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ötesinde çuňňur ynanç we medeni gatnaşyklara eýedir" diýip beýan etdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bolsa öz gezeginde Eýran bilen hyzmatdaşlyklaryny berkitmek isleýändiklerini belläp: "Eýranyň täze hökümetini netije alyp biliji bir hökümet hökmünde garaýarys. Tähran bilen hyzmatdaşlyk derejesini mümkin boldugyça artdyrmakda tutanýerlidiris" diýip mälim etdi. 

Kawkazlarda söwda gatnaşyklarynyň we durnuklylygyň artmagy üçin Eýran bilen bolan hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändiklerini aýdan Çawuşogly, terrora garşy göreşde Eýran bilen edilýän hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsleri çekdi. 



Degişli Habarlar