Ýemende Içerki Göç Dowam Edýär

Anna gününden bäri 6 müň 200 adam öýüni terk etmeli boldy.

1733834
Ýemende Içerki Göç Dowam Edýär

Ýemeniň Hudeýde welaýatynda anna gününden bäri 6 müň 200 adam öýüni terk etmeli boldy.

BMG-dan berlen ýazmaça beýannamada, Ýemeniň hökümetine tabynlykdaky güýçler bilen hyzmatdaş güýçleriniň Hudeýde welaýatyndan çekilendigi nygtaldy.

Beýannamada, Dureýhimi, Beýt Al Fakih we al Tuhaýta etrapçalaryna gözegçilik edýän güýçleriň Hudeýdeniň günortasynda 90 kilometr alysdaky Huha etrapçasyna çekilendigi bellenildi.

Beýannamada, Ýemenin hökümetine tabynlykdaky bilen hyzmatdaş güýçleriniň etrapçalardan çekilmegi bilen Husileriň boşadylan etrapçalary ele geçirendigi emma hökümete tabynlykdaky güýçleriň Husilere garşy göreşiniň dowam edýändigi ýatladyldy.

Başdan geçirlen soňky wakalar sebäpli anna gününden bäri 4 müň 900 adamdan ybarat 700 maşgalanyň Huha etrapçasyna, 1300 adamdan ybarat 184 maşgalanyň hem Hudeýdeniň günortasyndaky Al Muha etrapçasyna göçendigi bellenildi.

Huhada täze gelen göçler sebäpli 300 çadyrlyk düşelgäniň gurlandygy nygtaldy.



Degişli Habarlar