BMG, Owganystana Howa Ýoly Arkaly Ýardam Bermäge Başlady

33 tonnalyk ynsanperwer kömegini alyp giden uçar Kabula bardy

1728333
BMG, Owganystana Howa Ýoly Arkaly Ýardam Bermäge Başlady

BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komisarlygy gyş paslynyň golaýlap gelmegi bilen Owganystanda gündelik durmuş şertleriniň agyrlaşýandygyny habar berdi.

BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komisarlygynyň metbugat geňeşçisi Mantoo Owganystandaky soňky ýagdaý hakynda maglumat berdi.

Mantoo, içerki çaknyşyklar sebäpli öýlerini terk eden owgan halky üçin 33 tonnalyk ynsanperwer kömegini alyp giden uçaryň Birleşen Arap Emirlikleriniň üsti bilen Owganystanyň paýtagty Kabula tarap uçandygyny belledi.

Uçaryň şu gün irden Birleşen Arap Emirlikleriniň Şarika howa menzilinden uçandygyny we agşamara Kabula gonandygyny aýdan Mantoo, ynsanperwer kömeginiň bir böleginiň hem noýabr aýynyň 4-7-si aralygynda howa ýoly arkaly Owganystana ýetiriljekdigini belledi.

Owganystanda kömege mätaç halkynyň sanynyň artýandygyny nygtan Mantoo, owgan halkyna gara, deňiz we howa ýollary arkaly ynsanperwer kömegini ýetirmäge dowam etjekdiklerini belledi.



Degişli Habarlar