Meksikada bir bosgun ýogaldy

Çýapas welaýatynyň prokurorlary ýük ulagynyň içinde 1 tüpeňiň tapylandygyny beýan etdiler

1728229
Meksikada bir bosgun ýogaldy

Meksikada bosgunlary daşaýan ýük ulagynyň gözegçilik nokadyndan gaçmaga synanyşan mahaly od açylmagy netijesinde, ulagyň içindäki 1 bosgun ýogaldy, 4 bosgun bolsa ýaralandy.

Meksikanyň Milli gwardiýasyndan berilen beýanatda, ýük ulagynyň Pidžidžiapan şäherçesiniň golaýyndaky gözegçilik nokadynda dur diýip berilen duýduryşa gulak asmandygy mälim edildi.

Ýük ulagynyň sürüjisiniň ulagyny patrul ulagyna süsüp işgärleriniň janlaryna howp salanlygy sebäpli od açylandygy bellenen beýnatda, od açylmagy netijesinde ýük ulagynyň içindäki Kubanyň raýaty bolan 1 adamyň ýogalandygy, 4 adamyň bolsa ýaralanandygy aýan edildi.

Beýanatda ýük ulagynyň içinde aglabasy Kubanyň raýaty bolan jemi 13 bosgunyň bolandygy habar berildi.

Ýaralanan bosgunlaryň golaýdaky hassahana ýatyrylyp, bejergi astyna alynandygy, beýleki bosgunlaryň we sürüjiniň bolsa göz tussaglygyna alynandygy mälim edildi.

Çýapas welaýatynyň prokurorlary ýük ulagynyň içinde 1 tüpeňiň tapylandygyny beýan etdiler.


Etiketkalar: #bosgun , #Kuba , #raýat , #od açmak , #Meksika

Degişli Habarlar