“Diplomatiýa Arkaly Eýranyň Ýadro Ýaragyna Eýe Bolmagynyň Öňü Alnyp Biliner”

ABŞ-nyň Prezidenti Baýden diplomatiýa arkaly Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüniň alnyp bilinjekdigini aýtdy.

1727467
“Diplomatiýa Arkaly Eýranyň Ýadro Ýaragyna Eýe Bolmagynyň Öňü Alnyp Biliner”

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden diplomatiýa arkaly Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüniň alnyp bilinjekdigini aýtdy.

Italiýanyň paýtagty Rimde geçirlen G-20-niň lidelerler maslahatyna gatnaşan Baýden, maslahatdan soň metbugata beýannama berdi.

Maslahatyň netijeli geçendigini nygtan Baýden “Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel we Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen geçiren duşuşygymyzda diplomatiýa arkaly Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüniň alynmagy meselesini ara alyp maslahatlaşdyk” diýdi.

Baýden, üç lider bilen ýadro gepleşikleriniň ýaňadandan başlamagy üçin Eýranyň höweslendirilmegi meselesi hakynda hem pikir alyşadyklaryny nygtady.



Degişli Habarlar