EMA, Modernanyň Kovid-19 Sanjymynyň Üçünji Dozasynyň Edilmegini Maslahat Berýär

EMA, Pfizer-BioNTejh tarapyndan öndürlen Kovid-19 sanjymynyň hem üçünji dozasynyň edilmegini maslahat beripdi

1725134
EMA, Modernanyň Kovid-19 Sanjymynyň Üçünji Dozasynyň Edilmegini Maslahat Berýär

Ýewropa Derman senagaty gullugy (EMA), täze görnüş koronawirusa garşy Moderna firmasy tarapyndan öndürlen sanjymyň üçünji dozasynyň 18-ýaşyndan ýokardakylara edilmegini maslahat berdi.

EMA tarapyndan berlen beýannamada “Spikewaks” atly sanjymyň ikinji dozasyndan 6-8 aý soň  18-ýaşyndan ýokardakylara goşmaça üçünji dozanyň edilmeginiň maslahat berilýändigi nygtaldy.

EMA, üstümizdäki aýyň başynda Pfizer-BioNTech tarapyndan öndürlen Kovid-19 sanjymynyň üçünji dozasynyň 18-ýaşyndan ýokardakylara edilmegini maslahat beripdi.

EMA kararlary bilen ÝB-ne agza ýurtlara diňe maslahat berýär. Sanjymyň edilip edilmezligine ýurtlaryň özi karar berýär.



Degişli Habarlar