Sudandaky Agdarlyşyk Synanşygyna Alada Bildirilýär

“Müsür, Sudanyň durnuklylygy we halkyň bähbidi üçin elinden geleni eder”

1725061
Sudandaky Agdarlyşyk Synanşygyna Alada Bildirilýär

ABŞ, Sudanda harby goşunyň wagtlaýyn hökümeti agdarmaga synanşmagyna alada bildirýändigini mälim etdi.

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonyň metbugat geňeşçisi Jon Kirbi gündelik metbugat ýygnagynda “Şuňa meňzeş hereketler sudanyň halkynyň demokratiýa bolan garaýşyna, konstitutsiýa we Juba ylalaşygyna zeper ýetirýär. Harby goşuna saklanan asuda ilatyň şertsiz boşadylmagy üçin çagyryş berýäris” diýdi.

Kirbi, Sudanyň goşunyna, halkyň parahatçylykly maksatly ýöriş geçirmegine rugsat berilmegi üçin hem çagyryş berýändiklerini ýatlatdy.

Müsüriň Prezidentiniň metbugat geňeşçisi Bessam Radi hem Sudanda başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny belledi.

Radi “Müsür, Sudanyň durnuklylygy we halkyň bähbidi üçin elinden geleni eder” diýdi.

Birleşen Arap Emirlikleri, İordaniýa we Liwiýa hem sudanly taraplara “dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolup biljek hereketlerden gaça durmaklary üçin çagyryş berdi.

Saud Arabystanydaky, Alžirdäki, Katardaky we Tunisdäki jemgyýetçilik guramalary we Arap Geňeşi sudanly taraplara “parasatlylyk” çagyryşyny berdi.

Italiýanyň Daşary işler ministrligi, Sudandaky agdarlyşyk synanşygyna alada bildirdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa sudanlylaryň içerki meselelerini özbaşyna çözmelidigini nygtady.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi şu gün Sudandaky agdarlyşyk synanşygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenişer.

 

 

 



Degişli Habarlar