BMG Owganystana 100 Tonna Ynsanperwer Kömegini Ugratdy

BMG ozal hem owgan halkyna 32 tonna ynsanperwer kömegini beripdi.

1721250
BMG Owganystana 100 Tonna Ynsanperwer Kömegini Ugratdy

BMG Owganystan üçin Özbegistana 100 tonnadan gowrak ynsanperwer kömegini ugratdy.

BMG-nyň Ýokary komisarlygynyň Orta Aziýadaky wekilhanasyndan berlen beýannamada, BMG-nyň soňky 3 günde Owganystan üçin Özbegistanyň Owganystan serhedinde ýerleşýän Tirmuz howa menziline 100 tonnadan gowrak ynsanperwer kömegini ugradandygy nygtaldy.

Beýannamada üç uçar bilen ugradylan ynsanperwer kömeginiň Owganystanyň Mazari Şerif şäherine ýetiriljekdigi bellenildi.

BMG ozal hem owgan halkyna 32 tonna ynsanperwer kömegini beripdi.

 



Degişli Habarlar