Blinken Saud Arabystanynyň Daşary Işler Ministri Farhan Bilen Duşuşdy

Duşuşykda özara we sebitara meseleler seljerildi

1720139
Blinken Saud Arabystanynyň Daşary Işler Ministri Farhan Bilen Duşuşdy

ABŞ-nyň döwlet Sekretary Entoni Blinken Ýemendäki ýagdaýlar, sebitleýin meseleler we özara gatnaşyklar boýunça pikir alyşmak üçin ýurdunda saparda bolýan Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan bilen duşuşdy.

Entoni Blinken duşuşykdan ozal ABŞ bilen Saud Arabystanynyň arasynda güýçli hyzmatdaşlygyň bardygyny beýan etdi.

İki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýetine ünsi çeken Faýsal bin Farhan bolsa; “Gatnaşyklarymyz diňe bir biziň üçin däl, eýsem sebit we dünýä üçin hem iňňän möhüm. Sebitleýin howpsuzlyk we bu meselede hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşarys, aýratynam howanyň üýtgemegi, energetika, Kowid-19 pandemiýasyna garşy göreş hakynda pikir aşyşarys” diýdi.

Duşuşykdan soň ýazmaça beýannama beren ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygynyň metbugat gullugynyň ýolbaşçysy Ned Praýs, ministrleriň “Ýemendäki çaknyşyklary bes etmek üçin düýpli çözgüt tapmak maksadyna laýyklykda sebitleýin meselelerde ABŞ-Saud Arabystany strategik hyzmatdaşlygy” hakynda pikir alyşandyklaryny habar berdi.

Praýs: “Entoni Blinken Amerikan hökümetiniň Saud Arabystanynyň territoriýasyny we halkyny goramagyna goldaw bermek boýunça kepilnamasyny nygtady we ABŞ-nyň Şalyga garşy husi hüjümlerini ýazgarýandygyny baýan etdi. Adam hukuklary bilen birlikde beýleki sebitleýin we halkara meseleler seljerildi” diýdi.

 



Degişli Habarlar