ABŞ-da Neşe Maddasy Sebäpli Ýogalanlaryň Sany 1 Ýylda 96 Müň Adamdan Geçdi

2020-njy ýylda 93 müň adam köp mukdarda neşe maddasyny ulanandygy sebäpli ýogalypdy.

1719424
ABŞ-da Neşe Maddasy Sebäpli Ýogalanlaryň Sany 1 Ýylda 96 Müň Adamdan Geçdi

ABŞ-da köp mukdarda neşe maddasyny ulanandygy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 ýylda 96 müň adamdan geçdi.

ABŞ-nyň Hassalyklara garşy göreş we öňüni alyş merkeziniň habarnamasy, ýurtda köp mukdarda neşe maddasyny ulanandygy sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 2020-njy ýylyň mart aýyndan bäri üstümizdäki ýylyň mart aýyna çenli 29,6 götrerim artandygyny ýüze çykardy.

Habarnama görä, 1ýylda köp mukdarda neşe maddasyny ulanandygy sebäpli 96 müň 779 adam ýogaldy.

ABŞ-nyň Hassalyklara garşy göreş we öňüni alyş merkezi, 2020-njy ýylda 93 müň adamyň köp mukdarda neşe maddasyny ulanandygy sebäpli ýogaldyny mälim edipdi.

 


Etiketkalar: #mukdar , #ABŞ , #neşe maddalary

Degişli Habarlar