Guterriş Efiopiýanyň Hökümetine Çagyryş Etdi

Efiopiýada 7 milliona barabar adam azyk kömegine mätäç

1716075
Guterriş Efiopiýanyň Hökümetine Çagyryş Etdi

BMG-niň baş Sekretary Antuniu Guterriş Efiopiýanyň hökümetine ýurtdaky gumanitar çökgünlik sebäpli ynsanperwer kömekleriň ýetirilmegi üçin “bökdençsiz elýeterlilik” üçin çagyryş berdi.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Efiopiýadaky gumanitar şertler we BMG-niň 7 işgäriniň ýurtdaky çykarylmagy hakynda maglumat beren Guterriş; Tigraý, Amhara we Afar sebitlerinde 7 milliona barabar adamyň azyk kömegine mätäçdigini beýan etdi.

Guterriş ýurduň demirgazygynda çaknyşyklaryň dowam edýän Tigraý sebitinde “400 müň adamyň gytlyga meňzeş şertlerde ýaşaýandygyny” ynsanperwer kömekleriniň degişli ýerlere ýetirilmeýändigini aýtdy.

Ýangyç we azyk ýaly ynsanperwer kömekleriniň ugradylmagynyň bökdelýändigini nygtan Guterriş, Efiopiýanyň hökümetine ýurtdaky gumanitar çökgünlik sebäpli kömekleriň ýetirilmegi üçin bökdençsiz elýeterlilik boýunça çagyryş etdi.

Antoniu Guterriş aýratynam Efiopiýanyň hökümetiniň islenmeýän adam yglan edip ýurtdan kowan BMG-niň 7 işgäriniň yzyna dolanmagyna rugsat bermegini isledi.



Degişli Habarlar