Jarablusda guralan terrorçylykly hüjümde 1 adam ýogaldy

Ýaralanan adamlar Jarablus etrabyndaky hassahanalarda bejergi astyna alyndylar

1711763
Jarablusda guralan terrorçylykly hüjümde 1 adam ýogaldy

Siriýanyň demirgazygyndaky Jarablus etrabynda guralan 2 aýry bombaly terrorçylykly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä asuda ilatdan 1 adam ýogaldy, aralarynda çagalar hem bolan 15 adam bolsa ýaralandy. 

Ýewfrat Galkany operasiýasy bilen terrordan saplanan Jarablus şäheriniň merkezinde motosikilleriň birine we zir-zibil goýulýan konteýnere ýerleşdirilen bombalar şol bir wagtda partladyldy. 

Hüjümleriň netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä asuda ilatdan 1 adam ýogaldy, aralarynda çagalar hem bolan 15 adam bolsa ýaralandy.

Ýaralanan adamlar Jarablus etrabyndaky hassahanalarda bejergi astyna alyndylar. 

Wakanyň bolan ýerinde derňew geçiren ýerli howpsuzlyk güýçleri, hüjümiň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralandygyny çak edýär. 



Degişli Habarlar