“Bosgunlara Berýän Goldawyňyz Üçin Size we Türkiýä Uly Minnetdarlyk Bildirýärin”

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş Prezident Erdogan tarapyndan kabul edildi.

1708384
“Bosgunlara Berýän Goldawyňyz Üçin Size we Türkiýä Uly Minnetdarlyk Bildirýärin”

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, “Bosgunlara berýän goldawyňyz üçin size we Türkiýä uly minnetdarlyk bildirýärin” diýdi.

Antoniu Guterreş, Nýu-Ýorkda Türkiýäniň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy bilen Nýu-Ýorkdaky Baş konsullygynyň ýerleşjek ýeri bolan Türk öýiniň täze binasynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Türkiýe bilen BMG-nyň ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini belledi.

“Türkiýäniň we türk halkynyň bosgunlar bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny bilýärin” diýen Guterreş, “Bosgunlara berýän goldawlaryňyz üçin size we Türkiýä uly minnetdarlyk bildirýärin” diýdi.

Söweşlerden, zulumdan, basyşdan we adam hukuklarynyň basgylanmagyndan gaçýanlaryň sanynyň rekord derejä çenli baryp ýetendigini nygtan Guterreş “Türkiýäniň halkara jemgyýetçiliniň goldaw bermeginde elinden geleni etmäge dowam etjekdigine ynanýaryn” diýdi.

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş açylyş dabarasyndan soň Prezident Erdogan tarapyndan kabul edildi.

Erdogan bilen Guterreş Siriýa, Liwiýa, Owganystan we Kipr meselesi hakynda pikir alyşdy.



Degişli Habarlar