Alžiriň Ozalky Prezidenti Buteflika Aradan Çykdy

84 ýaşyndaky Buteflikanyň aradan çykandygy nygtaldy, emma mesele barada giňişleýin maglumat berilmedi.

1707518
Alžiriň Ozalky Prezidenti Buteflika Aradan Çykdy

Alžiriň ozalky prezidenti Abdulaziz Buteflikanyň aradan çykandygy habar berildi.

Mesele hakynda berlen ýazmaça beýannamada 84 ýaşyndaky Buteflikanyň aradan çykandygy nygtaldy, emma mesele barada giňişleýin maglumat berilmedi.

İçerki uruşdan soň 1999-njy ýylda Alžiriň Prezidentligine saýlanan Buteflika, 2019-njy ýyla çenli ýarawsyzlygyna garamazdan wezipesini dowam etdirdi.

Abdulaziz Buteflikanyň 5-nji gezek prezidentlige saýlanmak üçin dalaşgär bolmagy ýurtda protest ýörişleriniň başlamagyna sebäp boldy.

Buteflika 2019-njy ýylyň aprel aýynda Alžiriň goşunlarynyň protestçylara goldaw berýän çykyşy we beren duýduruşy sebäpli wezipesinden çekildi.



Degişli Habarlar