Baýdeniň Owganystan Syýasaty Agyr Tankyt Edilýär

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Owganystan syýasaty ýurduň metbugatynda agyr tankyt edilýär

1699794
Baýdeniň Owganystan Syýasaty Agyr Tankyt Edilýär

Penşenbe güni Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde 13 Amerikan esgeri bilen birlikde 180-den gowrak adamyň ölmegine sebäp bolan terror hüjüminden soň ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden hakynda “başarnyksyz liderlik edendigi” hakynda garaýyşlar beýan edilýär.

Terror hüjüminde aradan çykan 13 Amerkan esgeri üçin Dower şäherindäki harby bazada hatyralama çäresi geçirilipdi, çärä gatnaşan Jo Baýden esgerleriň hossarlary bilen duşuşypdy.

Baýden duýgudaşlyk bildirmegiň ýerine beýni ragyndan ölen ogly Bo Baýden hakynda gürrüň berip, ölen esgerler hakynda kelam agyz söz aýtmandy.

“Nýu-Ýork Post” gazeti: “Esgerleriň esasy bölegi bäbek mahaly başlan söweş masgaraçylykly ýagdaýda gutardy. Yza çekilmegiň mundan utandyryjysy bolup bilmezdi” diýip ýazdy.

Beýdeni berk tankyt eden gazet: “Nähili bolanda-da bu gezek “Jogapkärçilik bende” diýip, başgalaryny günäkärlemedi” diýip ýazdy.

“Wol Triit Jornal” gazeti bolsa: Prezident Baýden Kabuldaky Amerikan harbylaryny başarnyksyzlyga sezewar etdi” diýip ýazdy.

27-nji awgustdaky hüjümi “Başarnyksyzlkdan gelip çykan tragediýa” diýip, häsýetlendiren gazet: “ABŞ mundan has gowularyna laýyk” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar