Yragyň Prezidenti Ýurduň Dolanşyk Ulgamynda Özgertmeleriň Edilmelidigini Aýtdy

Prezident Salih konstitutsiýa özgertmeleriň girizilmegini teklip etdi

1699549
Yragyň Prezidenti Ýurduň Dolanşyk Ulgamynda Özgertmeleriň Edilmelidigini Aýtdy

Yragyň Prezidenti Berhem Salih ýurdun bar bolan dolanşyk ulgamy bilen dolandyrylyp bilinmejekdigini beýan edip, 10-njy oktýabrdaky möhletinden irki saýlawlaryň we konstitutsiýanyň tekstiniň özgerdilmeginiň öwrülşik nokady boljakdygyny aýtdy.

Berhem Saligh Bagdaýda “Çözgütler” atly Rafideýn forumynyň açylyşynda sözlän sözünde 10-njy oktýabrda geçiriljek möhletinden irki saýlawlar hakynda durup geçdi.

Syýasy güýçleriň we jemgyýetiň esasy böleginiň oňyn taraplarynyň bardygyna garamazdan konstitutsiýanyň özgerdilmegini isleýändigini beýan eden Salih; “Yragy mundan beýläk şu konstitutsiýa we bar bolan dolanşyk ulgamy bilen dolandyrmak mümkin däl. Möhletinden irki saýlawlar we konstitutsiýanyň özgerdilmegi ýurtdaky hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy hem-de şertleriň gowulanmagy üçin öwrülşik nokady bolmaly. Saýlawlar bar bolan çökgünlikleriň çözülmegi üçin pursatdyr” diýdi.

Soňky 100 ýylda Yraga messep we etniki sebäplerden dürli gyrgynçylyklaryň hem-de zulumlaryň başdan geçirilendigini nygtan Salih, 2003-nji ýyldan soň hem ýurtda terrorizm we daşardan goşulyşma meselelerine sezewar bolandyklaryny aýtdy.

 



Degişli Habarlar