Mahmud Abbas, Ysraýylyň Goranmak Ministri Bilen Duşuşdy

Duşuşykda Palestina-Ysraýyl gatnaşyklary ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşyldy

1699628
Mahmud Abbas, Ysraýylyň Goranmak Ministri Bilen Duşuşdy

Palestinanyň döwlet Ýolbaşçysy Mahmud Abbas, Ysraýylyň Goranmak ministri Benny Gantz bilen duşuşdy.

Sputnigiň berýän habaryna görä, Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky gatnaşyklardan jogapkär Palestinanyň Jemgyýetçilik işleri edarasynyň başlygy Hüseýin Aş Şyh, Abbasyň Gantz bilen duşuşandygyny mälim etdi.

Şyh, duşuşygyň basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň Ramallah şäherinde geçirlendigini belledi.

Duşuşykda Palestina-Ysraýyl gatnaşyklarynyň ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylandygyny nygtaldy.

Ysraýylyň Prezident Hersog 12-nji iýulda Palestinanyň döwlet Ýolbaşçysy Abbasa iki tarapyň arasyndaky gepleşikleriň ýaňadandan başlamagyny isleýändigini aýdypdy.



Degişli Habarlar