“Talibana Görä, Owganlar Ykdysady Kynçylyklary Sebäpli Ýurdy Terk Etmek Isleýär”

"Her bir adam eşretli durmuşda ýaşamak üçin Günbatarly ýurtlara ýerleşmek isleýär. Munyň gorky bilen hiç hili arabaglanşygy ýok”

1696263
“Talibana Görä, Owganlar Ykdysady Kynçylyklary Sebäpli Ýurdy Terk Etmek Isleýär”

Talibanyň metbugat geňeşçilerinden Süheýl Şahin, owganlaryň ykdysady kynçylyklar sebäpli ýurdy terk etmek isleýändigini aýtdy.

SKÝ Nýus teleýaýlymyna beýannama beren Talibanyň metbugat geňeşçilerinden Süheýl Şahin, Kabulyň howa menzilinde başdan geçirilýän wakalar hakynda durup geçdi.

Şahin “Owganlar ykdysady kynçylyklar sebäpli Günbatarly ýurtlarda ýaşamak isleýärler. Bu ykdysady göç, sebäbi Owganystan ýoksul ýurt. Halkyň 70 göterimi ýoksullykda ýaşaýar. Her bir adam eşretli durmuşda ýaşamak üçin Günbatarly ýurtlara ýerleşmek isleýär. Munyň gorky bilen hiç hili arabaglanşygy ýok” diýdi.

Süheýl Şahin, Talibanyň öýleri ýeke-ýekeden barlap ozalky hökümetde işlänleri gözleýändigi hakynda öňe sürülýän garaýyşlaryň bolsa asylsyzdygyny belledi.

Şahin Owganystanda 31-nji awgustdan soň daşary ýurtly güýçleriň galmagyny islemeýändiklerine ünsi çekdi.


Etiketkalar: #göç , #Owganystan , #Taliban

Degişli Habarlar