Russiýa Owganystan bilen bagly beýanat berdi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi Owganystandaky ýagdaýyň durnuklaşandygyny beýan etdi

1692320
Russiýa Owganystan bilen bagly beýanat berdi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Owganystanda Talibanyň häkimiýeti ele geçirmeginden soň emele gelen ýagdaýyň ýakyndan gözegçilik edilýändigi habar berildi. 

Beýanatda: "Alynan maglumata görä ýurdyň paýtagty Kabuldaky we Owganystandaky umumy ýagdaý durnuklaşýar. Taliban jemgyýetçilik tertibini üpjün etmäge başlady we ýurdyň raýatlarynyň we daşary ýurt diplomatik missiýalaryň wekilhanalarynyň howpsuzlygyny kepillik astyna alandyklaryny tassykladylar. Owganystandaky ähli taraplary, zorlukdan gaça durmaga we ýagdaýyň parahatçylykly ýollar bilen çözülmegine goldaw bermäge çagyrýarys" diýip mälim edildi. 

Russiýanyň Kabul şäherindäki ilçihanasynyň işlemäge dowam etjekdigi bellenen beýanatda, Owganystandaky täze hökümediň wekilleri bilen aragatnaşyga geçilendigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar