ÝB-ne Agza Ýurtlaryň DIM-leri Wideokonferensiýa Ulgamy Arkaly Maslahat Geçirer

Maslahatda Owganystan meselesine garalar

1692008
ÝB-ne Agza Ýurtlaryň DIM-leri Wideokonferensiýa Ulgamy Arkaly Maslahat Geçirer

ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsuzlyk syýasatlaryndan jogapkär Ýokary wekili Žozep Borrell agza ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Owganystandaky wakalar boýunça pikir alyşmak üçin wideokonferensiýa ulgamy arkaly maslahat geçirjekdigini habar berdi.

Žozep Borrell Twitter hasabyndan beren habarnamasynda; “Owganystan öwrülşigiň çatrygynda. Owganystanyň raýatlarynyň howpsuzlygynyň we abadançkylygynyň ýany bilen halkara howpsuzlyk hem möhüm” diýdi.

Borrell ÝB-niň daşary işler ministrleriniň ertir günortadan öň maslahat geçirmek üçin wideokonferensiýa ulgamy arkaly duşuşyk geçirjekdigini aýtdy.

ABŞ bilen Talibanyň arasynda 2020-nji ýylyň fewral aýynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda şu ýyl Owganystandaky halkara güýçleriň yza çekiliş tapgyry başlapdy.

Ylalaşyga laýyklykda daşary ýurtly güýçlere hüjüm etmezligi göz öňünde tutulan hem bolsa, Talibanyň owgan howpsuzlyk güýçlerine bolan çemeşmesi hakynda hiç hili çözgüt girizilmedi.

Taliban iýun aýyndan başlap köptaraply hüjümler bilen Owganystanda birnäçe etraby, soňky bir aýda bolsa welaýat merkezlerini aldy.

 



Degişli Habarlar