Russiýa Kuril adalarynda 50-den gowrak harby desga gurar

Russiýa Ýaponiýa serhediniň golaýyndaky Kuril adalaryna 50-den gowrak harby desga gurmagy meýilleşdirýär

1688336
Russiýa Kuril adalarynda 50-den gowrak harby desga gurar

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Kuril adalarynda şu günki güne çenli takmynan 30 harby desganyň gurluşygynyň tamamlanandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Gurluşygy dowam edýän harby desgalaryň arasynda 1 sanysy şu ýyl gurulyp tamamlanjak bolan jemi 7 sany harby kazarma bar. Jemi ýakyn wagtda 51 sany harby desganyň gurluşygy tamamlanar" diýip habar berildi. 

II Jahan urşundan soň SSSR Ýaponiýanyň Ýuwaş okeany bilen Ohotsk deňizini biri-birinden aýyrýan takmynan 1300 kilometre çenli uzap gidýän Kuril adalaryny 1945-nji ýylda anneskiýa edipdi. 

Anneksiýadan soň Ýaponiýa tarapyndan hem "Demirgazyk topraklar" diýip atlandyrylan territoriýa babatyndaky oňuşyksyzlyklar sebäpli Russiýa bilen parahatçylyk ylalaşygy bilen bagly geçirilýän gepleşiklerde netije alynyp bilinmeýär. 



Degişli Habarlar