Pakistanda ulag heläkçiligi başdan geçirildi

Pakistanyň Penjap welaýatynda ýolagçy mikroawtobusyna ýük ulagynyň arkadan gelip süsmegi netijesinde ýüze çykan ýangynda 10 adam ýogaldy, 7 adam ýaralandy

1688130
Pakistanda ulag heläkçiligi başdan geçirildi

Penjap welaýatynda ýerleşýän Gujranwala şäherinde ýolda barýan ýolagçy mikroawtobusyna arkadan gelýän ýük ulagynyň süsmegi netijesinde partlama boldy. 

Partlamadan soň ýüze çykan ýangynda 10 adam ýogaldy, 7 adam bolsa ýaralandy. 

Ýaralanan adamlaryň saglyk ýagdaýlarynyň tankydydygy habar berildi. 

Resmiler mikroawtobusyň Rawalpini şäherinden Gujranwala şäherine barýandygyny, ýük ulagynyň arkadan süsmegi netijesinde mikroawtobusdaky gaz ballonynyň partlandygyny beýan etdiler. 

 



Degişli Habarlar